Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň guramagynda «Rus dilini daşary ýurt dili hökmünde okatmagyň nazary we amaly meseleleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi.
Maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlarynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta mekdebiniň, Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.
Ylmy-amaly maslahatda türkmen-rus gatnaşyklarynda sözlükleriň ähmiýeti, geljekki halkaraçy hünärmenlere rus dilini öwretmegiň aýratynlyklary, rus dilini öwretmekde innowasion usullar, rus dilini hünär dili hökmünde okatmagyň aýratynlyklary, okatmagyň maksatlary, hil talaplary hem-de görnüşleri ýaly ylmy nutuklar boýunça çykyş edildi.
Ylmy-amaly maslahat tamamlanandan soňra, okuw binasynyň foýesinde bu maslahat bilen ugurdaş türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň okuw kitaplarynyň, okuw gollanmalarynyň, monografiýalaryň, talyplar tarapyndan taýýarlanylan taslamalaryň sergisi guraldy.
