Türkmenistandan üç türgen boks boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar. Çempionat 4–13-nji dekabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Halkara boks assosiasiýasynyň (IBA) hemaýat etmeginde geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Boks federasiýasy habar berdi.
Milli ýygyndynyň düzümi Özbegistanda geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň netijesinde kesgitlenildi. Ýeňil agram derejesinde (60 kg çenli) ýurdumyza 25 ýaşly Yhlas Gylyçjanow wekilçilik eder. Ol 2017-nji ýyldan bäri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp gelýär. 2018-nji ýylda ol Bangkokda Aziýanyň boks konfederasiýasynyň (ASBC) goldaw bermeginde geçirilen Aziýanyň ýaşlar çempionatyna gatnaşypdy.
Ýarym agyr agram derejesinde (71 kg çenli) 23 ýaşly Baýramdurdy Nurmuhammedow ringe çykar. Ol soňky iki ýylyň dowamynda Gazagystanda, Belarusda we beýleki ýurtlarda birnäçe halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazandy. 2023-nji ýylda Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilen XIX tomusky Aziýa oýunlarynda bürünç medala eýe boldy.
Ýokary agyr agram derejesinde (92 kg-dan ýokary) 24 ýaşly Döwlet Yslamow çykyş eder. Ol şu ýyl Sagadat Nurmagambetowyň hatyrasyna bagyşlanyp Gazagystanda geçirilen halkara ýaryşyna gatnaşypdy.
Dünýä çempionatynyň umumy baýrak gaznasy 8,32 mln ABŞ-nyň dollary bolup, ol dünýäniň iň gowy 104 boksçysynyň arasynda paýlanar. Ýeňijilere altyn medallar bilen birlikde 300 müň dollar, kümüş medalyň eýelerine 150 müň dollar, bürünç medalyň eýelerine bolsa 75 müň dollar gowşurylar. Çärýek finala çykyp, bäşinji orny eýeleýänler 10 müň dollar bilen sylaglanarlar.
