Hindistanyň ilat sany 2080-nji ýyla çenli artmagyny dowam eder we 1,8— 1,9 milliard derejede kadalaşar. Bu barada Hindistanyň ilatlaşmagy öwrenmek boýunça birleşiginiň (IASP) baş sekretary Anil Çandran «PYI» agentligi bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
«2000-nji ýylda Hindistanda çaga dogluşynyň umumy görkezijisi 3,5-i düzdi, häzir ol 1,9-a deň. Ilatyň köpelmeginiň görnetin kemelmegi ýurtda demografik ýagdaýyň çynlakaý üýtgeýändigini görkezýär» diýip, hünärmen belledi.
Çandran ähli bahalandyrmalara görä, Hindistanyň ýaşaýjylarynyň iň ýokary sanynyň 2 milliard adama ýetmejekdigini, ýagny 1,9 millard derejeden ýokary bolmajakdygyny, munuň bolsa ilatyň migrasiýasyz nesilden nesle geçýän sanyny saklamak üçin zerur bolan derejeden pesdigini belledi.
Onuň aýtmagyna görä, Hindistanda çaga dogluşynyň depgininiň peselmegine ilatyň durmuş-ykdysady we bilim derejesiniň ýokarlanmagy sebäp bolýar. Dogluşa gözegçilik etmek üçin serişdeleriň elýeterliligi bu ýagdaýy has-da tizleşdirdi. Hindistanda ilkinji nobatda gyzlaryň işde üstünlik gazanmaga ymtylyşy netijesinde giçki nikalaryň sany hem artýar.
BMG-niň iýunda çap eden hasabatyna laýyklykda, Hindistan dünýäde iň gür ilatly ýurt bolmagynda galýar— Respublikada 1,46 mlrd adam ýaşaýar. Hindileriň sany ýene 40 ýyldan azalyp başlar diýip, TASS ýazýar.
