Türkmenistanda häzirki wagtda «Ýerleriň zaýalanmagynyň bitarap deňagramlylygy» diýilýän döwrebap çemeleşmäniň durmuşa geçirilmegi boýunça howa-klimat şertleri baradaky maslahat geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň hem-de Global Ekologiýa Gaznasynyň bilelikde amala aşyrylýan Aral taslamasynyň çäklerinde ýurduň demirgazyk-gündogar sebitlerine degişli bolan pilot zolaklarynda — Türkmenistanyň Aral ýakasynda — ekerançylyk maksatly ýerleriň, ýagny ekin meýdanlarynyň we öri meýdanlarynyň häzirki ýagdaýyna baha bermek boýunça usulyýet boýunça işler alnyp barylýar.
Bu işleriň maksady «Ýerleriň degradasiýasynyň bitarap deňagramlylygyna» ýetmek üçin toplumlaýyn ýerlerden peýdalanyş meýilnamasyny taýýarlamakdan ybaratdyr.
Bu ählumumy çemeleşmäniň esasynda ýörelgeleri halkara synçy Kanyş Nuryngereýew taslamanyň synag sebitlerinde, ýagny Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda geçirilen meýdan barlaglarynda we tematik okuwlarda düşündirdi.
Hünärmeniň bellemegine görä, bu ýörelge ýerleriň ýitgi proseslerini azaltmak, başgaça aýdanyňda, degradasiýany (ýerleriň zaýalanmasy) «nol» derejä çenli peseltmek we soňra ýerleriň ýagdaýyny kem-kemden gowulandyrmaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrmakdan ybaratdyr.
Aral taslamasy bilen bilelikde işleýän K.Nuryngereýew, ilki bilen, synag sebitlere baryp, güýzlük dänä ekilen meýdanlary, pagta ekinlerini, bag-bakçalary hem-de tokaý we öri zolaklaryny synlady. Soňra Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýer gullugynyň etrap we welaýat bölümleriniň wekilleri, ýerli dolandyryş, daýhanlar, ekerançylarydyr maldarlar bilen duzlaşan we duzlaşan-dadar ýerleriniň rekultiwasiýasy boýunça maslahatlara gatnaşdy.
Daýhanlaryň ýere bolan aýawly çemeleşmesini belläp, hünärmen ýurduň birnäçe onýyllyklardan bäri ulanýan çärelerine täzeçe garaýşy hödürleýär. Bu çäreler häzirki wagtda ýerleriň degradasiýasynyň bitarap deňagramlylygyna laýyk gelýär. Olar: zeýkeş ulgamynyň gurlup saklanylmagy, gorag tokaý zolaklarynyň döredilmegi, öri meýdanlarynda duza we guraklyga çydamly ekinleriň, şol sanda ýolum we galofitleriň ösdürilip ýetişdirilmegi, tokaýlaryň täzeden dikeldilmegidir. Maldarlar üçin goşmaça goldaw hökmünde her bir pilot zolakda birnäçe mal suwarýan gidrotehniki desgalarynyň, ýagny guýularyň hem-de sardobalaryň düýpli abatlaýyş işleri we öňki ulanyş derejesine getirilmegi meýilleşdirilýär.
Myhman saparyň dowamynda hereket meýilnamasyny (ýol kartasyny) taýýarlamak üçin möhüm maglumatlaryň toplanandygyny aýtdy.
