Başga planetaly gämi diýlen çaklamalary döreden «3I/ATLAS» guýrukly ýyldyzy (kometasy) Gün ulgamyndan gitmezden öň, 2026-njy ýylda Ýupiter planetasy bilen çaknyşyp biler diýip, «Daily Star» britan neşiri ýazýar.
Geljek ýylyň 16-njy martynda bolar diýlip garaşylýan bu waka kometanyň ugruny üýtgedip biler. Şunda kometanyň özüne näme boljakdygyny çaklamak mümkin däl. Bu onuň ugruny anyk kesgitlemäge päsgel berýän ýokary tizligi bilen baglydyr.
«3I/ATLAS» kometasyny astronomlar şu ýylyň 1-nji iýulynda tapdylar. Garward uniwersitetinden alym Awi Leb «3I/ATLAS» asman jisiminiň öz ugruny üýtgedip, Ýupitere tarap barýandygyny hasaba aldy. Älem gelmişeginiň emeli gelip çykyşynyň tarapdary bolan bu alym onuň Ýupitere nähilidir bir tehnologik enjamy eltmek üçin döredilendigini çaklaýar diýlip, habarda bellenýär.
Emma hünärmenler «3I/ATLAS»-yň kometadygy barada netijä geldiler.
