Germaniýanyň Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny 7-nji dekabrda «Berk» kafesiniň çäklerinde geçiriljek Roždestwo ýarmarkasyna çagyrýar.
Myhmanlary janly saz, ussatlyk sapaklary, interaktiw çykyşlar we göwün açyş çäreleri, sungat bazary, şeýle hem Roždestwo tagamlary we içgileri garaşýar.
Çäräniň geçiriljek wagty: sagat 14:00-dan 17:00-a çenli. Giriş ähli isleg bildirýänler üçin açykdyr.
