Günorta Koreýada ýeke ýaşaýan pensionerlere çaganyň keşbindäki robotlaşdyrylan gurjaklary paýlap başladylar, olar bilen söhbetdeşlikler garrylara ýalňyzlykdan halas bolmaga kömek eder. Bu barada CNN neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
«Hyodol» kompaniýasy ýumşak 40 santimetrlik gurjaklary döretdi, olar emeli aň bilen üpjün edilip, ýedi ýaşly saganyň sesi bilen gepleýärler, derman kabul etmelidigini ýatladýarlar, hatda hojaýyny «Men saňa uzak gün garaşdym» diýip, şatlykly garşy alýarlar. Bahasy 879 dollar bolan robot eýýäm döwlet maksatnamalary arkaly 12 müň sany ýalňyz garrylara paýlandy.
Ulanyjylaryň arasynda geçirilen barlaglar enjam bilen aragatnaşykdan soňra alty hepdäniň dowamynda garrylaryň arasynda göwnüçökgünligiň peselendigini hem-de akyl işjeňliginiň gowulanandygyny görkezdi. Hünärmenler pensionerleriň robotlara at dakýandyklaryny, olara egin-eşik satyn alýandyklaryny hem-de uklamak üçin düşege geçirýändiklerini belleýärler. Emma şeýle garaşlylyk gartaşan adamlaryň arasynda çaga häsiýetleriniň ösmek we hakyky adamlar bilen gatnaşyklaryň çalşylmagy bilen bagly ahlak meseleleriň döremeginiň töwekgelçiligini döredip biler diýip, hünärmenleriň käbirleri aýdýarlar.
