Polşadaky egin-eşik we aýakgap dükanlarynyň biri müşderileriň nägileligine getiren täze düzgüni girizdi, oňa görä, aýakgap satyn almak üçin aýagyňa deňemekde aýratyn töleg tölemeli diýip, «Onet» neşirine salgylanýan «Belta.by» portaly habar berdi.
Dükan täze düzgün barada internet sahypasynda yglan etdi, şeýle hem söwda zalynyň tekjelerinde ýerleşdirilen ugurdaş habaryň fotografiýasyny ýerleşdirdi. Foto internetde ýaýrap, müşderileriň arasynda nägilelik döretdi.
Täze düzgüne görä, şu möwsümden başlap, müşderiler aýakgaby deňemek üçin 100 zlotyh (27 dollardan gowrak) tölemeli bolarlar.
Dükanyň eýeleri soňky möwsümlerde adamlaryň köpüsiniň aýakgaby öz dükanlarynda barlap, soňra başga ýerden satyn alýandyklaryny aýdýarlar. Olar şeýle hem deňemek üçin girizilýän tölegleri dükandaky harytlary ýylyň dowamynda satyn almak üçin ulanyp boljakdygyny belleýärler. Emma bu düşündiriş müşderileriň hemmesini ynandyrmaýar.
Dükan şeýle hem aýakgap saýlamagyň ýeňil hyzmat däldigini, köp halatda onuň birnäçe on minuda çekýändigini, harytlaryň nähili ulanylýandygy, artykmaçlyklary we bärdengaýtmalary ýaly düşündirişleri özünde jemleýändigini aýdýar.
