26 — 29-njy noýabr aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde «Halal Expo 2025» atly halkara sergi we onuň çäklerinde 11-nji Bütindünýä Halal sammiti geçirildi.
Halkara çärä Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşyp, ýurduň halal önümlerini, söwda-ykdysady ulgam boýunça gazanan üstünliklerini tanyşdyrýan maglumatlary we sergi önümlerini görkezdiler. Şeýle-de türkmen wekiliýeti dört günlük çäräniň dowamynda köp sanly ikitaraplaýyn duşuşyklara (B2B) we işewürlik çärelerine gatnaşdylar. Bu barada «Biznes reklama» gazetinde habar berildi.
«Halal Expo 2025» atly halkara sergi dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň halal önümleriniň öndürilişini artdyrmakda möhüm orun eýeleýär. Şeýle hem halkara önüm öndürijileri, distribýutorlary we maýadarlary bilen göni gepleşik diňe täze şertnamalary baglaşmaga däl, eýsem, global halal senagatyndaky häzirki meýillere çuňňur düşünmäge, bäsdeşlik artykmaçlyklaryna baha bermäge we milli önümçilik strategiýalaryny halkara isleglerinedir standartlaryna uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
