Halkara Gyzyl Haç komitetiniň (HGHK) Türkmenistandaky wekilhanasy maglumat işleri ulgamynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) mümkinçiliklerini güýçlendirmäge gönükdirilen aragatnaşyk we jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça okuw maslahatyny geçirdi. Bu barada «Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Çärä Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleri, meýletinçiler we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatda HGHK-niň Merkezi Aziýadaky Sebitleýin wekilhanasynyň utgaşdyryjysy Ermek Baýsalow (Gyrgyzystan) çykyş etdi. Öz çykyşynda bilermen ynsanperwerlik ugrunda netijeli aragatnaşyk strategiýalarynyň döredilişi baradaky tejribesi bilen paýlaşdy, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri bilen işleşmegiň usullaryny we ynsanperwerlik meselelerini jogapkärçilikli beýan etmegiň ýörelgeleri barada gürrüň berdi.
HGHK-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mihail Rahmanow bu çäräniň ähmiýetini belläp, žurnalistler bilen ynsanperwer guramalaryň işgärleriniň umumy wezipeleri we durmuş taýdan möhüm maglumatlary ýetirmegiň çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ilkinji gezek ýygnanandyklaryny belledi. Ol maslahatyň tejribe alyşmak we umumy habar beriş usullaryny işläp taýýarlamak üçin mümkinçilik döredendigini nygtady.
