28-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda «Türkmenistan — dost-doganlyk mekany» atly brifing geçirildi. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşyga Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara maslahat hem-de onuň çägindäki çäreler üçin taýýarlanylýan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň meýletinçi ýaş mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Brifingde çykyşlarda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Aşgabatdaky Bitaraplyk binasynda, Maslahatlar merkezinde we Kabul ediş merkezinde geçiriljek çäreler üçin taýýarlanylýan meýletinçiler hem-de olaryň hyzmat ediş aýratynlyklary barada giňişleýin durlup geçildi.
Şonuň ýaly-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 9-10-njy dekabrynda geçiriljek «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň ähmiýeti barada çykyşlar edildi.
Brifingiň dowamynda türkmen halkynyň ruhy ýörelgelerinde mynasyp orny eýeleýän myhmansöýerlik däbiniň häzirki zaman jemgyýetinde tutýan orny, ýaş wagyzçylary we meýletinçileri taýýarlamak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen işleşmek bilen baglanyşykly sowal-jogaplar alşyldy.
