Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurduň nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn biýadyny kämilleşdirmek ugrunda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belläp, uglewodorod serişdelerine baý bolan nebitgaz känlerini netijeli özleşdirmek hem-de nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýakynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestine Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary bilen satyn alynan ýöriteleşdirilen kuwwatly tehnikalaryň ilkinji tapgyry gelip gowuşdy. Bu tehnikalar milli däplere eýerilip garşylandy. Dabara gatnaşyjylar täze sementleýji, sorujy desgalaryň möhüm işleri ýerine ýetirijilik mümkinçilikleri bilen içgin tanyş boldular.
Bu ýöriteleşdirilen kuwwatly tehnikalaryň kömegi bilen amala aşyrylan işleriň netijesinde «Uzynada» käninde kuwwatly buraw desgalaryň kömegi bilen burawlanan guýularyň üçüsinden gaz kondensat akymy alyndy. Çuňlugy 6 müň 720 metre deň bolan 72-nji guýudan bir gije-gündizde 44 tonna golaý, çuňlugy 6 müň 785 metre deň bolan 86-njy guýudan bir gije-gündizde 43 tonna golaý hem-de çuňlugy 6 müň 800 metre deň bolan 87-nji guýudan bir gije-gündizde 45 tonnadan gowrak gaz kondensat akymynyň alynmagy türkmen nebitçileriniň hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygyna mynasyp toý sowgady boldy.
