Babadaýhan dokma toplumy ýylda 3 müň 300 tonna ýokary hilli ýüplügi, 20 million inedördül metr dürli görnüşli matalary, şol sanda 18 million inedördül metr matany boýamaga hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümini öndürmäge mümkinçiligi bolan häzirki zaman kärhanasydyr. «Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, kärhanada öndürilýän önümleriň görnüşleri-de artýar.
2025-nji ýylda kärhanada matadyr taýýar dokma önümleriniň täze görnüşleriniň birnäçesiniň önümçiligi ýola goýuldy. Olaryň arasynda «Mäne» haryt nyşanly, ýokary ekologiýa talaplaryna hem-de dünýä ölçeglerine laýyk gelýän taýýar tikin önümleri hem bar.
2025-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda kärhanada 176 million 970 müň manatlykdan gowrak önüm öndürildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden hem köpdür. Şol döwürde bu ýerde öndürilen 31/1, 51/1, 68/1 belgili nah ýüplüge, 85/1 belgili inçe daralan ýüplüge isleg has-da ýokarlandy.
