Dubaýda geçirilýän «Big 5 Global 2025» halkara sergisiniň plenar mejlisinde çykyş eden Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri Abdylla Geldiýew ýurduň durnukly şähergurluşyk hem-de infrastruktura ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça strategiki garaýşyny beýan etdi. Ministr döwlet syýasatynyň şäherleri döwrebaplaşdyrmak we innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak babatyndaky ähmiýetini aýratyn nygtady.
Iş saparynyň maksatnamasynyň çäginde türkmen wekiliýeti BAE-niň Hökümetiniň wekilleri hem-de halkara işewür toparlary bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşyklara gatnaşanlaryň arasynda BAE-niň federal infrastruktura we taslamalar boýunça ministriniň orunbasarynyň kömekçisi Ýusef Abdulla Al Ali, «dmg events» kompaniýasynyň prezidenti Mett Denton, «Global Leaders' Summit-nyň» başlygy Brendi Skott, şeýle hem öňdebaryjy gurluşyk we inženerçilik kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bar.
Taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmek, gurluşyk pudagynyň sanlylaşdyrylmagy, BIM-platformalaryň ösdürilmegi we pudagyň umumy netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, Pars aýlagy ýurtlaryna türkmen aýnasynyň we gurluşyk serişdeleriniň eksportynyň artdyrylmagy bilen bagly söwda-ykdysady mümkinçiliklere aýratyn üns berildi.
Wekiliýet EPC-potratçylar, enjamlary öndürijiler we halkara binagärlik guramalary bilen hem gepleşikler geçirdi. Türkmen wekiliýetiniň agzalary Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň we Hytaýyň sergi pawilýonlarynda görkezilen modul gurluşygy, energiýa tygşytlaýjy materiallar we «akylly» şäher dolandyryş ulgamlary boýunça täzeçil tehnologiýalar bilen tanyşdylar.
Halkara kompaniýalar türkmen toparynyň gurluşyk toplumyny ösdürmekde alyp barýan ulgamlaýyn çemeleşmesini hem-de pudakdaky özgertmeleriň depginini ýokary bahaladylar. «Big 5 Global» sergisiniň gatnaşyjylary Awazada geçirilen «CIET 2025» maslahatynyň jemlerini oňyn bahaladylar. Şunuň bilen baglylykda, olar indiki ýylyň noýabrynda geçiriljek «CIET 2026» forumyna çakylyk aldylar.
Türkmenistanyň sergä gatnaşmagy «Türkmen Energiýa Forumyň» (TEF) goldawy bilen guraldy.
