Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» üçünji ykdysady forumy geçirilýär. 32 döwletden 400-den gowrak wekili bir ýere jemlän foruma Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Babanyýaz Ýalakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşýar. Bu barada «Daryo» özbek saýty habar berýär.
Forumyň dowamynda söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr geçelgeler, oba hojalygy, maýa goýumlar we sanly özgertmeler ýaly dürli ugurlarda Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, bilelikde iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, soňky birnäçe ýylda Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky söwda dolanyşygy dört esse ýokarlanyp, 60 milliard amerikan dollaryna golaýlady. Hususan-da, 2024-nji ýylda bu ugurda 3 göterim ösüş gazanyldy.
Öz gezeginde, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek, möhüm ähmiýetli çig mal serişdelerini özleşdirmek, sanly integrasiýa, suw, energiýa we ekologiýa bilen bagly taslamalara gönükdirilen 12 milliard ýewrolyk «Global Gateway» maýa goýum bukjasynyň ähmiýeti nygtaldy.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda Ýewropa eksport edilýän türkmen önümleriniň görnüşleriniň ýyl-ýyldan artýandygyny belläp, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Forum bilen ugurdaş görnüşde Daşkentde Hazarüsti ulag maýa goýum forumy, Syýahatçylyk konferensiýasy ýaly çäreler hem geçiriler.
