«Miss Belgiýa» bäsleşiginiň finalçylary ilkinji gezek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlikde türkmen milli lybaslarynda çykyş etdiler. Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasy tarapyndan guralan çäre Brýussel şäherinde geçirildi.
Gözellik bäsleşiginiň gatnaşyjylaryň türkmen milli lybaslarynda gatnaşmagy agşamyň iň täsirli pursatlarynyň biri boldy hem-de türkmen medeniýetine goýulan hormatyň nyşanyna öwrüldi. Olar üçin lybaslary dizaýner Göwher Pirkulyýewa-Guwerna taýýarlady. Onuň kolleksiýalary milli däp-dessurlaryň häzirki zaman çemeleşmesi bilen utgaşýandygy arkaly meşhurdyr.

Finalçylaryň adyndan çykyş eden bäsleşigiň gatnaşyjylarynyň biri bu dabara gatnaşmagyň olar üçin uly hormatdygyny belledi. «Bu agşamda türkmen milli lybaslarynda bu ýere gelmek biziň üçin aýratyn möhüm. Munuň özi Türkmenistanyň baý medeniýetine hormat goýmagyň hem-de halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň nyşanydyr» diýip, ol aýtdy.
«Miss Belgiýa» bäsleşiginiň wekili öz çykyşynda bäsleşigiň gatnaşyjylarynyň hormat, deňlik we sahawatlylyk ýaly gymmatlyklary wagyz edip, göreldeli bolmaga çalyşýandyklaryny nygtady. Onuň aýtmagyna görä, ýaş nesil halklaryň arasyndaky düşünişmek we parahatçylyk ýörelgelerini öňe sürmek babatda öz mümkinçiliklerinden jogapkärçilikli peýdalanmalydyr.
Kabul edişlige Ýewropa institutlarynyň ýolbaşçylary, Belgiýanyň Hökümetiniň wekilleri, halkara guramalaryň işgärleri, ilçiler, diplomatlar hem-de medeni toparlaryň wekilleri gatnaşdylar.
