Türkmenistanda surata düşürilen «Kompozitor» çeper filmi we bilelikdäki türkmen-özbek «Magtymguly» taslamasy «Göwher kebelek» atly Açyk Ýewraziýa kino baýragyna hödürlendi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
21-nji noýabrda «Göwher kebelek» atly Açyk Ýewraziýa kino baýragynyň bilermenler geňeşiniň garamagyna hödürlenen filmleriň sanawy yglan edildi. Dalaşgär filmleriň sanawyna Türkmenistanda surata düşürilen «Kompozitor» çeper filmi we bilelikdäki türkmen-özbek «Magtymguly» taslamasy girdi.
Bäsleşige Russiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Serbiýadan, Wenesueladan, Kubadan, Senegaldan, Günorta Afrikadan, Pakistandan, Belarusdan, Indoneziýadan, Wýetnamdan, Eýrandan we beýleki ýurtlardan jemi 34 film gatnaşýar.
«Göwher kebelek» kino baýragynyň gowşurylyş dabarasy 27-nji noýabrda Nikita Mihalkowyň «12» ussahanasynda geçiriler. Baýraklaryň çarçuwasynda dünýä kinematografiýasyna goşandy üçin diýen baýragy-da goşmak bilen, on iki baýrak gowşurylar. Ýeňijiler bilermenler geňeşiniň ses bermegi arkaly kesgitlenýär.
Dalaşgärler: iň gowy film, režissýor, senariý, operator, kompozitor, aktýor, aktrisa, ikinji derejeli aktýor, ikinji derejeli aktrisa, suratçy we ýurduň Ýewraziýa giňişligine girmeýän iň gowy filmi.
Baş baýragy gazanan film ABŞ-nyň 1 million dollar, galan ýeňijiler bolsa 250 müň dollar pul baýraklaryny alarlar.
