Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň guramagynda biologiýa dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasy öz işini tamamlady. Olimpiada türkmen talyplary bilen birlikde, dünýäniň 19 döwletiniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinden 630-a golaý talyp gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
IV halkara internet olimpiadasyna ýurduň ylym-bilim edaralary bilen birlikde, bu uniwersitet bilen özara ylalaşyk esasynda iş alyp barýan Russiýa Fedarasiýasynyň Astrahan Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ugurdaş ders boýunça tejribeli professor-mugallymlary wekilçilik etdiler. Bu ders bäsleşiginiň netijesinde 230 sany talyp ýeňiji diýlip yglan edildi. Olardan 43-si altyn, 72-si kümüş, 115-si bolsa bürünç medala mynasyp boldular.
