Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylda Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparçasynda çykyş etmäge hukuk gazandy — diýip, TDH agentligi habar berýär.
Aziýa we Okeaniýa zolagynyň V toparçasynyň ýaryşy Bahreýniň Isa-Taun şäherindäki Politehniki uniwersitetiň kortlarynda geçirildi. Ýokary derejeli ýaryşa çykmak üçin 14 topar bäsleşdi.
Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndysy Bruneýiň, Bangladeşiň we Bahreýniň ýygyndylaryny 3:0 hasap bilen ýeňip, ýekelikde we jübüt çykyşly oýunlarda bir ýeňlişe hem sezewar bolman, toparçalaýyn tapgyrda C toparçasynda birinji orny eýelediler.
Play-off ýaryşyň möhüm duşuşygynda Türkmenistanyň ýygyndysy B toparçasynyň ýeňijisi Guamyň topary bilen duşuşdy. Ilkinji ýekelikdäki oýunda Selim Çagylow ilkinji setde 1:6 hasap bilen utuldy, emma soňra ýagdaýy öz peýdasyna öwrüp, Junhýok Sýony 1:6, 6:3, 6:1 hasaby bilen ýeňmegi başardy. Allanur Daýanjow Brays Manalony 6:1, 6:0 hasap bilen ýeňip, topar üçin möhletinden öň ýeňiş bilen üpjün etdi. Jübüt oýunda Meýlis Orazmuhammedow bilen Ýuriý Rogusskiý Daniýel Lýarenas we Emil Kristian Penafieladan super taý-breýkde 2:6, 6:2, 10:5 hasaby bilen üstün çykdylar. Duşuşygyň umumy hasaby 3:0 boldy.
Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparçasyna ikinji bolyp Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndysy çykdy we ol beýleki pleý-off duşuşygynda Maldiwleriň toparyny ýeňdi.
Türkmenistan 2004-nji ýyldan bäri Dewisiň Kubogyna gatnaşýar. Ol iň gowy netijäni 2015-nji ýylda gazanyp, Kuala-Lumpurda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparçasynyň pleý-off tapgyryna çykypdy.
