Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde wise-prezident O.Atabaýewa Sankt-Peterburg şäherindäki «Ermitaž» döwlet muzeýler toplumyna baryp gördi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, «Ermitaž» dünýäniň iň belli muzeýleriniň biri bolmak bilen, Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde ýerleşýär. 1764-nji ýylda Ýekaterina II tarapyndan esaslandyrylan bu muzeý häzirki wagtda ýurduň medeni mirasynyň nyşanyna öwrüldi. «Ermitažyň» binagärlik düzümi birnäçe binalardan ybarat bolup, olaryň iň meşhury rus patyşalarynyň kabulhanasy bolan Gyşky köşkdür. «Ermitaž» sungat eserleriniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Muzeýde gadymy we häzirki güne çenli dürli döwürlere, sungat akymlaryna degişli 3 milliondan gowrak sungat eseri saklanýar.
«Ermitaž» ylmy-barlag işlerine hem işjeň gatnaşýar. Bu ýerde medeniýet-sungat ulgamlarynyň meseleleri boýunça umumy we ussatlyk sapaklary, maslahatlar geçirilýär. Muzeý halkara sergilere gatnaşýar. Bu bolsa oňa medeni durmuşyň öňdebaryjylarynyň hatarynda bolmaga, dünýäniň beýleki ugurdaş edaralary bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde dürli döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň hem taryhyna we medeniýetine degişli gymmatlyklar bar. Şolaryň hatarynda gadymy Nusaýdan, Merwden tapylan arheologik tapyndylar, gadymy senetçileriň keramika, metal, dokma önümleri, halylar, milli lybaslaryň nusgalary bar.
«Ermitaž» muzeýi bilen tanyşlygyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa medeniýetiň we sungatyň halklary birleşdirýän gymmatlykdygyny, olarda adamzadyň ruhy dünýäsiniň öz beýanyny tapýandygyny belläp, guralan gezelenç üçin rus tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
