Şu ýylyň 19-20-nji noýabrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti «Modanyň Arkalaşygy» atly IV halkara foruma gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Döredilenine köp wagt geçmedik hem bolsa, gazna tarapyndan, şol sanda beýleki döwletlerdäki hyzmatdaşlar bilen bilelikde ägirt uly işler alnyp baryldy. Oguljahan Atabaýewanyň Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran sapary haýyr-sahawat gaznasynyň halkara işiniň özboluşly dowamy boldy.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy «Modanyň Arkalaşygy» halkara forumyna gatnaşmagynyň çäklerinde birnäçe wajyp duşuşyklary geçirdi. Olaryň dowamynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
