Hindistanda 45 ýyl mundan öň ýiten erkek kişi kellesine alan ikinji şikesinden soňra öz maşgalasyny tapdy diýip, «Times of India» neşirine salgylanýan «KP.RU» habar berdi.
Ol 16 ýaşyndaka kellesine urgy alyp, doly huşuny ýitirdi. Ol başga at bilen dogduk mekanyny terk etdi we başga ştata göçüp bardy. Dogan-garyndaşlary ýetginjegi kän gözlediler, emma wagt geçdigiçe, umytlaryny ýitirip, ol ölendir diýen netijä geldiler.
Şu geçen ýyllarda erkek kişi öýlendi, üç çaganyň atasy boldy. Emma birdenkä kellesine ýene şikes aldy, şondan soňra onuň çagalyk ýatlamalary dolanyp başlady. Ol hyýalynda tanyş obalary, mango jeňňelliklerini, baýyrlary görýärdi we obasynyň adynyň Sataundygyny ýadyna saldy.
Bu ýatlama parçalary oňa dogduk öýlerine eltýän ýoly tapmaga kömek etdi. 45 ýyldan soňra ol ahyry doganlarydyr uýalary bilen duşuşdy. Erkek kişiniň we doganlarynyň ýeke-täk gynanýan zady, ene-atasynyň ýiten ogullaryny görüp bilmän armanly dünýeden ötmegi boldy diýlip, habarda bellenýär.

