Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynda Awstriýa Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gerhard Zaýller bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara mowzuklaryň wajyp soraglaryny maslahatlaşdylar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Awstriýa Respublikasy köpden bäri gelýän hyzmatdaşlar bolup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dostluk, özara düşünişmek we hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürýärler. Abraýly halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň, ÝHHG-niň we beýlekileriň çäklerinde özara hereketler bellenilip geçildi.
Duşuşygyň ahyrynda diplomatlar Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň iki döwletiň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

