BSGG-niň Türkmenistandaky edarasy 3 — 5-nji noýabr aralygynda ýurduň ähli sebitlerinden gelen wirusologiýa laboratoriýalarynyň hünärmenleri üçin polimeraz zynjyry reaksiýasy (PZR) usuly arkaly dümewiň we dem alyş ýollarynyň ýokanç ýiti keselleriniň (DAÝÝÝK) diagnostikasy boýunça okuw sapaklaryny geçirdi.
Okuw sapaklary Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi tarapyndan Milli dümew merkeziniň hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda guraldy.
Okuw sapaklarynyň maksady dümew we dem alyş ýollarynyň beýleki ýokanç wiruslary boýunça wirusologiýa gözegçiligini güýçlendirmekden, şeýle hem keselleriň töwekgelçiligini ir anyklamakdan we olaryň öňüni almak boýunça çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.
Okuw sapaklaryna gatnaşyjylara PZR diagnostikasy boýunça hem nazary, hem amaly maslahatlar berdi. Olar PZR usulynyň nazaryýeti, dümewi anyklamak boýunça amaly sapaklar we netijeleri seljermek boýunça bilim aldylar. Okuw sapaklary täze başarnyklary berkitmek hem-de olary gündelik laboratoriýa işinde ulanmak boýunça amaly çäreler bilen tamamlandy.
Bu başlangyç Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistana dümew we dem alyş ýollarynyň beýleki ýokanç keselleri boýunça milli laboratoriýa ulgamlaryny pugtalandyrmakda, epidemiologik gözegçiligi kämilleşdirmekde, şeýle hem pandemiýa ýagdaýlaryna taýýarlygy ýokarlandyrmakda edýän hemişelik goldawynyň bir bölegidir diýip, BSGG-niň metbugat beýanatynda aýdylýar.
