Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gazna tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler, şeýle hem Gaznanyň Tertipnamasyna girizilen goşmaçalar barada çykyş etmek üçin Gaznanyň dolandyryş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory – wise-prezidenti R.Bazarowa söz berdi.
R.Bazarow Gaznanyň döredilen wagtyndan bäri alnyp barylýan işleriň ýyl-ýyldan giň gerime eýe bolýandygyny nygtap, hasabat döwründe onuň hasabyna köp sanly sahawatly işleriň amala aşyrylandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Gaznanyň işine häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmak we utgaşykly amala aşyrmak hem-de onuň hukuk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, R.Bazarow Gahryman Arkadagyň maslahatlaryndan ugur alyp, Gaznanyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, onuň Tertipnamasyna täzeden seredilendigini hem-de goşmaçalar girizilip, taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi.
Hususan-da, tertipnamanyň täze taýýarlanan görnüşinde Gazna Esaslandyryjyny girizmek hakynda hem-de Esaslandyryjynyň ygtyýarlyklary beýan edildi. Gaznanyň esaslandyryjylary bilen bagly Tertipnama girizilen goşmaçalar haýyr-sahawat işini has-da özgertmekde, haýyr-sahawat taslamalaryny we maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde netijeli bolar diýip, R.Bazarow sözüni jemledi.
Gahryman Arkadag Gazna tarapyndan alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmelidigini belläp, şunda halkara hyzmatdaşlygyna möhüm üns berilmeginiň ähmiýetli boljakdygyny aýtdy we bu babatda özüniň degerli maslahatlaryny berdi.

