Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde Gaznanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler boýunça çykyş etdi. Soňra Gahryman Arkadag Gazna tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler, şeýle hem Gaznanyň Tertipnamasyna girizilen goşmaçalar, Gazna tarapyndan degişli döwürde alnyp barylan bejeriş işleri, şeýle hem Gaznanyň halkara hyzmatdaşlygy, Gaznanyň Tertipnamasyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Gaznanyň goşmaçalar girizilen Tertipnamasyny tassyklamak we Gazna Esaslandyryjyny girizmek hakynda kararlaryň taslamalary, Gaznanyň serişdeleriniň sarp edilişi ýaly meseleler şu günki mejlisiň gün tertibiniň esasynda durýandygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibini yglan edip, Gazna tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler boýunça hasabatlary diňledi. Haýyr-sahawat gaznasynyň işi hakyndaky hasabatlary diňläp, türkmen halkynyň Milli Lideri onuň ynsanperwerlik ýörelgelerini esasy ugur edinýän işini kämilleşdirmek babatda özüniň öwüt-nesihatlarydyr maslahatlaryny berdi.
Mejlisiň barşynda başga-da käbir guramaçylyk meselelerine-de garaldy.

