Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasy 80 ýyllygyny belledi. Dabara ýurduň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşyp, alymlary gutlady diýip, «MIR 24» habar berdi.
Aliýew akademiýanyň geçen 80 ýyllyk taryhynda ýurduň ösüşine önjeýli goşant goşandygyny belläp, onuň işine mundan beýläk hem üstünlikleri arzuw etdi.
Prezidentiň sözlerine görä, bu gün ylym her bir ýurduň ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Döwlet Baştutany azerbaýjan alymlaryny emeli aň we sanlylaşdyrmak ýaly ugurlary ösdürmäge, kiberhowpsuzlygy berkitmeklige işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

