2025-nji ýylyň 3-4-nji noýabry aralygynda Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Akylly» gurluşyk. Arassa energiýa. Durnukly geljek» şygary astynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Çärä hasaba alynyş tamamlandy. Foruma gatnaşmaga 56 ýurtdan jemi 800-den gowrak gatnaşyjy — ministrler, transmilli korporasiýalaryň ýolbaşçylary, halkara maliýe guramalarynyň hem-de ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri isleg bildirdiler.
Guramaçylaryň bellemegine görä, bu maslahat Merkezi Aziýa sebitinde ýylyň iň möhüm pudaklaýyn çäresi hasaplanylýar. Onda ýokarda ady agzalan pudaklaryň geljegine degişli möhüm ugurlar — dekarbonizasiýa, energiýa tygşytlaýyş, önümçiligi sanlylaşdyrmak we «ýaşyl» maliýeleşdiriş ýaly meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşylar. Gurluşykda we senagatda akylly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, pes uglerodly energetikanyň ösdürilmegine hem-de durnukly ösüş çäklerinde halkara hyzmatdaşlygynyň berkemegine aýratyn üns berler.
Çykyş etjek daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda halkara derejesinde tanalýan iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary bar. Has takygy, «Çalik Holding» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalik (Türkiýe), «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erman Iliçak (Türkiýe), «Bitdeer Technologies Group» kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk boýunça direktory Husame Naými hem-de «DAMAC» kompaniýasynyň işewürligi ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Mohammed Berregad dagy forumda çykyş ederler. «Bitdeer Technologies Group» we «DAMAC» ýaly iri kompaniýalaryň ilkinji gezek Türkmenistanda şeýle derejedäki çärä gatnaşmagy dünýädäki işewürlik toparlarynyň türkmen bazaryna gyzyklanmalarynyň artýandygyny görkezýär.
Halkara maslahatyň maksatnamasy 3-nji noýabrda dabaraly açylyş, plenar mejlis, dört sany panel maslahaty, üstünlikleriň sergisi we dabaraly agşamlyk nahary ýaly çäreleri öz içine alýar. Strategik sessiýalarda gurluşykda sanlylaşdyrma we innowasiýalar, senagatdaky täze ugurlar, döwlet we hususy hyzmatdaşlygy hem-de maliýeleşdiriş meseleleri, şeýle hem hünärmenleri taýýarlamak ýaly temalar ara alnyp maslahatlaşylar. Gatnaşyjylar BIM-tehnologiýalarynyň, robotlaşdyrmagyň, emeli aňyň, pes uglerodly materiallaryň, ESG-standartlarynyň we ýaşyl maliýeleşdirmäniň mehanizmleriniň ornaşdyrylmagyny ara alyp maslahatlaşarlar.
Işewürlik maksatly çäreler bilen bir wagtda häzirki zaman gurluşyk materiallarynyň, senagat tehnologiýalarynyň, energetiki çözgütleriň we sanly innowasiýalaryň sergisi hem guralar. Giňişleýin maglumat resmi web sahypasynda elýeterlidir: www.ciet-turkmenistan.com.
