20 — 25-nji oktýabr aralygynda Aşgabat şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebiti boýunça edarasyndan (ÝSE/BSGG) maslahat beriş-tehniki topary iş saparynda boldy. Saparyň maksady Türkmenistana B wirusly gepatitiň hem-de sifiliniň eneden çaga geçmeginiň ýok edilmegi baradaky tassyklama (walidasiýa) prosesinde goldaw bermekden ybarat boldy.
Toparyň düzüminden BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça eneden çaga wirusly gepatitleriň we jyns ýolly ýokançlaryň (JÝÝ) geçmeginiň öňüni almak boýunça utgaşdyryjysy doktor Wýaçeslaw Grankow, şeýle hem Germaniýanyň Robert Koh institutynyň hünärmenleri — doktor Maýkl Brandl (B wirusly gepatitiň maksatnamasy boýunça meseleler), doktor Ýuliýa Mutewelli (maglumatlaryň hiline jogapkär) we Ida Sperle-Hoýpel (saglygy goraýyş ulgamlary boýunça hünärmen) orun aldy.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine tehniki goldaw bermäge hem-de milli maksatlaryň ýerine ýetirilişinde gazanylan ösüşi seljermäge aýratyn üns berildi. Bu iş BSGG-niň 2022 — 2030-nji ýyllar üçin SPID-iň, wirusly gepatitleriň we jyns ýolly ýokançlaryň ýok edilmegi boýunça sebitleýin hereket meýilnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar we «Üçlügi ýok etmek» atly sebitleýin başlangyjy goldaýar.
Bäş günlük saparyň dowamynda iş topary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary, şol sanda ministriň orunbasarlary we bölümleriň ýolbaşçylary bilen ýokary derejeli duşuşyklary geçirdi. Şeýle hem topar ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm edaralaryna baryp gördi.
Saparyň iň möhüm wakalarynyň biri 23-nji oktýabrda geçirilen Milli iş toparynyň maslahatynyň bolmagydyr. Ol maslahatda Türkmenistanda B gepatitiniň we sifiliniň «goşa elminasiýasyny» tassyklamak üçin Ýol kartasy we Hereketleriň meýilnamasy taýýarlanyldy.
Sapar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde hem-de BSGG-niň Türkmenistan boýunça edarasynda geçirilen jemleýji maslahat bilen tamamlandy. Şol ýerde saparyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we geljekki ädimler boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
