21-nji oktýabrda Tbiliside Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň daşary işler ministri Maka Boçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar soňky ýyllarda ýokary derejeli saparlaryň üstünlikli geçirilendigini belläp, olaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna uly goşant goşandygyny nygtadylar. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän Merkezi geçelgäni ösdürmekde Türkmenistan bilen Gruziýanyň bilelikdäki tagallalaryna aýratyn üns berildi.
Ministrler iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk barada durup geçip, halkara guramalaryň çäklerindäki özara goldawa ýokary baha berdiler. Taraplar bu gatnaşyklary mundan beýläk-de özara bähbitli esasda dowam etdirmäge umyt bildirdiler.
Duşuşykda parlamentara gatnaşyklaryň orny hem-de medeniýet, bilim, ylym, syýahatçylyk we sport ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmek barada hem pikir alyşmalar boldy.
Sebit howpsuzlygy bilen bagly meseleler hem gepleşikleriň esasy ugurlarynyň biri boldy. Taraplar sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmegiň möhümdigini nygtadylar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň daşary işler ministri Maka Boçorişwili bilelikdäki metbugat maslahaty geçirdiler.
Maka Boçorişwili duşuşygyň netijeleri barada şeýle diýdi:
«Halklarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklar bar, bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Gruziýa Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär, muňa ýokary derejeli saparlar hem şaýatlyk edýär».
Gruziýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbasçysy energetika, ulag-üstaşyr ugurlardaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada aýratyn durup geçdi: «Syýasy dialogymyz ykdysady gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm orny eýeleýär, bu ugur bolsa iki ýurt üçin hem ileri tutulýan meseleleriň biridir. Geljek ýylda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça jökümetara toparyň mejlisi geçiriler, bu duşuşyk täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm platforma bolar».
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, öz gezeginde, Gruziýanyň Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki başlangyçlaryna berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol duşuşyklaryň açyk we ynanyşmak ruhunda geçendigini, bu ýagdaýyň geljekki hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm esas döredýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Gürjüstanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana amala aşyran iki saparynyň ähmiýetini belläp, olaryň Tbilisiniň hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasyny görkezýändigini aýtdy.
Ministr R.Meredow iki ýurduň halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň, şeýle hem ykdysady, medeni, ylym we bilim ugurlaryndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ähmiýetini nygtady.
Şu gün Raşid Meredow Tbiliside geçiriljek «Ýüpek ýoly» atly V halkara foruma gatnaşar.

