Şu günler Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Lýudwig Maksimilian uniwersitetiniň tejribeli endokrinolog lukmany professor Klaus Georg Parhofer Türkmenistanda iş saparynda bolup, ýerli lukmanlar bilen tejribesini paýlaşýar. Ol saparynyň dowamynda Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda hem bolup, bu ýerde döredilen mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Germaniýaly professor näsaglar bilen söhbetdeş bolup, olaryň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklandy. Şeýle hem ol näsaglaryň saglygyny dikeltmegiň meýilnamasyny işläp düzmäge gatnaşdy. Bu ýerde zähmet çekýän lukmanlar bilen endokrinologiýa babatda täze çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşdy.
Lukmançylygyň bu ugry boýunça öňdebaryjy tejribeleri alyşmak maksady bilen Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda germaniýaly professoryň hem-de döwrebap şäheriň saglygy goraýyş edaralarynyň lukman-hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Endokrin ulgamynda ýygy duş gelýän patologiýalaryň geçiş aýratynlyklary» atly ylmy-amaly maslahat hem geçirildi.
Klaus Georg Parhofer maslahatda eden çykyşynda metaboliki sindrom we süýjüli diabet keselleriniň bejergisinde täzeçil garaýyşlara ünsi çekip, bu ugurdaky tejribesini paýlaşdy.
