«Türkmenistan» awiakompaniýasy uçarlarynyň bortunda ýolagçylar üçin mugt multimediýa ulgamy işe girizdi. Hyzmatyň ähli derejelerindäki ýolagçylar öz şahsy enjamlary arkaly güýmenje portala birikmek mümkinçiligine eýedir. Turkmenportal bu ulgama nähili birikmelidigi barada düşündiriş berýär.
Ýolagçylara nämeler elýeterli
Täze multimediýa ulgam giň mazmunly katalogy hödürleýär: olara filmler, seriallar, multfilmler, audio kitaplar, podkastlar, täze gazet-žurnallar we kitaplar girýär. Güýmenje programmalaryny diňe awiakompaniýanyň içki Wi-Fi ulgamyna birikmek bilen görmek mümkindir.
Enjamlara bildirilýän talaplar
Ulgama birikmek üçin iOS ýa-da Android operasiýa ulgamy bolan smartfon, planşet ýa-da göçme kompýuter ulanyp bolýar.
Ädimme-ädim birikmek gollanmasy:
1-nji ädim: Enjamyňyzda uçuş rejesini işlediň.
2-nji ädim: Wi-Fi ulgamyny açyň we «Turkmenistanairlines» bort ulgamyna birikmegiňizi amala aşyryň.
3-nji ädim: Brauzeri işe giriziň we onuň setirinde adonisone.com ýazyň ýa-da QR-kody skanirläp ulanyň.
4-nji ädim: Interfeýs diliňizi saýlaň we «Multimediýa portaly» menýusyna basyň.
5-nji ädim: Gyzyklanýan güýmenje kategoriýasyny saýlaň we uçuşdan lezzet alyň.
Multimediýa ulgamyna elýeterlilik hyzmatyň derejesine garamazdan awiakompaniýanyň ähli ýolagçylary üçin mugt hödürlenýär.
