Ozal habar berşimiz ýaly, 15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Türkmen alabaýy» atly döredijilik bäsleşik sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, sergide görkezilen nakgaş, heýkel, haly, keramika, zergär, dizaýn we animasiýa ýaly birnäçe eserlerde hem-de sungaty öwrenijileriň kataloglarynda, senenamalarynda türkmen alabaýynyň keşbi onuň gaýduwsyzlygy, güýçli öý sakçysy hökmünde, ynsana wepalylygy ussatlyk bilen görkezilipdir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda gol çeken resminama laýyklykda, Türkmen alabaýynyň baýramy her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär.
