Türkmenistan wekiliýeti 13-14-nji oktýabr aralygynda Buharestde geçirilen «Çagalara garşy zorlugy bes etmek boýunça sebit ministrler konferensiýasyna» gatnaşdy.
Wekiliýete Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem wekiliýetiň düzümine Içeri işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistandaky ÝUNISEF-niň wekilleri girdiler.
Çäräni Rumyniýanyň Zähmet, maşgala, ýaşlar we sosial jebislik ministrligi, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) hem-de Çagalara garşy zorluk meseleleri boýunça BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili bilelikde gurady.
Türkmenistan öz çykyşynda Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilişinde gazanylan esasy üstünlikleri we ileri tutulýan ugurlary, çagalary goramak ulgamynda edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, şeýle hem maşgala goldawy we çaga dostlukly adalat ulgamlarynyň döredilmegini beýan etdi diýip, ÝUNISEF-niň metbugat habarynda bellenilýär.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda çagalary zorlukdan goramagyň diňe döwletiň borjy bolman, eýsem durnukly, howpsuz we adalatly jemgyýetiň geljegine goýulýan maýa goýumdygyny nygtady.
Buharestdäki konferensiýa 2024-nji ýylyň noýabrynda Kolumbiýanyň Bogota şäherinde geçirilen «Çagalara garşy zorlugy bes etmek boýunça Bütindünýä ministrler konferensiýasynyň» dowamy boldy. Onda Ýewropa we Merkezi Aziýanyň 40-dan gowrak ýurdundan gelen ministrler we wekiller gazanylan ösüşleri ara alyp maslahatlaşyp, indiki ädimleri kesgitlediler.
