Gurluşyk we hojalyk harytlaryny takyk hem dogry saýlamak — bu o diýen bir ýeňil iş däl. Aşgabat şäherindäki Ak Gaýa dükany öz müşderileri üçin şeýle amatly şertleri döretdi welin, zerur bolan materiallary satyn almak boýunça ähli iş has ýönekeýleşdi we amatly boldy.

Dükanyň esasy artykmaçlyklarynyň biri — hödürlenýän önümleriň kepillendirilen ýokary hilidir. Hil gözegçiligi bolmadyk käbir bazar nokatlaryndan tapawutlylykda, Ak Gaýa önüm öndürijiler we resmi dilerler bilen gönüden-göni hyzmatdaşlyk edýär. Bu bolsa müşderilere berilýän harytlaryň berkligini we ekologiýa taýdan howpsuzlygyny tassyklaýan doly resminamalar bilen kepillendirilýär.

Dükanyň aýratyn gymmatlylygy — ähli gurluşyk we öý üçin zerur bolan harytlaryň bir ýerde jemlenmegidir. Müşderiler dürli nokatlara aýlanyp wagt ýitirmeýärler — ähli zerur hasaplan zatlaryny bir ýerden tapyp bilýärler.

Mundan başga-da, dükan goşmaça hyzmatlary hem hödürleýär, şol sanda satyn alnan harytlary eltip bermek hem şol hyzmatlaryň hataryna girýär. Käbir harytlaryň görnüşleri üçin kepillik we gurnama hyzmatlary hem bar, bu bolsa jaýy abatlamak we bezemek işlerini has-da aňsatlaşdyrýar.
Dükandan harytlary satyn alan ähli müşderilere 3 ýyl möhletli karz hyzmaty hem hödürlenýär.
Ak Gaýa dükanynyň salgysy: Aşgabat şäheri, G. Kulyýew köçesi (Obýezdnoý ýol), jaý 40.
Goşmaça maglumatlary almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: 59 57 57, 55 54 10, (+993 64) 66 44 88. Sosial ulgamdaky sahypasy.
