Türkiýäniň şypahanalaryndaky tokaý ýangynlary doly gözegçilige alyndy. Ýurduň oba hojalyk ministri Ybragim Ýumakly bu barada sosial tordaky sahypasynda ýazdy. Öň Antalýa we Mugla ülkelerinde ýangynlar döredi diýip, «MIR 24» habar berýär.
Geçen hepdede Antalýa ülkesiniň Alanýa uezdinde tokaý ýangynlary döredi. Ot birnäçe gün tutaşdy, oba hojalyk ekinleriniň we tokaýlaryň 400 gektary ýandy. 150 ýaşaýyş öýüniň ýaşaýjylary göçürildi. Geçen annada Antalýanyň howa menziliniň golaýyndaky tokaýlar hem ýandy. Birnäçe otellerden adamlary wagtlaýyn göçürmeli boldy. Ýangynlar şeýle hem Mugla we Aýdyn ülkelerinde-de hasaba alyndy.
