Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Diwanynyň başlygynyň orunbasary Dmitriý Kozak öz islegi boýunça işden gitdi diýip, Kremliň wekili Dmitriý Peskow habar berdi. Bu barada «ria.ru» ýazýar.
Peskow ýolbaşçynyň işden gitmeginiň sebäbi baradaky sowala «öz islegi boýunça» diýip jogap berdi.
Kozak bu wezipäni 2020-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndan bäri eýeleýärdi.
Awgustyň aýagynda Wladimir Putin Prezidentiň edarasynyň işini güýçlendirmek boýunça çäreler hakynda Permana gol çekdi. Ol iki edarany: sebitara we daşary ýurtlar bilen medeni gatnaşyklar hem-de serhetýaka hyzmatdaşlyk boýunça edaralary ýatyrdy. Olaryň ýerine strategiki hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk edarasy döredildi.
