Dünýäde iň uly buzdagy (aýsberg) bolan A23a takmynan bir müň inedördül kilometr kiçeldi. Bu barada Russiýanyň Arktiki we antarktiki ylmy-barlag institutyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi. Alymlar buzdagdan üç sany uly bölegiň bölünendigini-de habar berdiler, olaryň meýdany 60-dan 300 inedördül kilometre çenlidir.
Şunlukda, buzdagy iýun, iýul we awgust aýlarynda öz meýdanynyň 36 göterimini ýitirdi. Iýunyň başynda onuň meýdany 2730 inedördül kilometrdi we Moskwanyň tutýan meýdanyna deňdi. Indi onuň meýdany 1750 inedördül kilometrdir.
Bu gün А23а Günorta Georgiýa adasyndan demirgazykda 70 kilometrlikde ýüzüp ýör. Ol ilkinji gezek 1986-njy ýylyň sentýabrynda Filhneriň aýlag buzlugyndan bölünipdi. Ol Ueddel deňziniň merkezi böleginde 30 ýyl gowrak wagt hereketsiz durdy, 2023-nji ýylda ýene hereket etmäge başlady.
