27-nji awgustda «Aýdyn Mekan» gurluşyk bazarynda RR WATERPUMPS kompaniýasynyň täze şourumynyň açylyşy boldy. Bu kompaniýa Türkiýäniň EKİN ENDÜSTRİYEL Isıtma – Soğutma San. Tic. A.Ş. kompaniýasynyň MIT brendiniň Türkmenistandaky resmi wekili hökmünde çykyş edýär.
Çäräniň dowamynda myhmanlar MIT brendi bilen hödürlenýän esasy önümleri — boýlerler, ýylylyk çalşyjy enjamlar, giňeldiji gaplar we sorujy enjamlar bilen tanyşdylar. Şeýle-de myhmanlara bu enjamlaryň dürli pudaklarda ulanylyşy barada dürli maglumatlar berildi.
Guramaçylar täze şourumy hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we ýyladyş hem-de suw üpjünçiligi ulgamynda döwrebap çözgütleri öňe sürmek üçin amatly meýdança hökmünde häsiýetlendirdiler.
.jpg)
RR WATERPUMPS kompaniýasy Türkmenistanda 15 ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýär. Ol ýyladyş-tehniki enjamlaryň üpjünçiligini, gurnamasyny we hyzmatyny amala aşyrýar. Kompaniýanyň müşderileriniň hatarynda ýurdumyzyň senagat kärhanalary we hususy sargytçylardyr.
.jpg)
Salgysy: Ahal welaýaty, Ak Bugdaý etraby, «Aýdyn Mekan» bazary, RR WATERPUMPS dükany (A.2.2)
Habarlaşmak üçin telefonlar:
- +993 63 20-44-22
- +993 61 19-94-49
- +993 65 64-19-84
E-poçta: waterpumps.tm@gmail.com, arslanrustam918@gmail.com
Saýty: rrcompany.com.tm
