Türkmenistanda häzirki wagtda «Türkmenistanda milli pedagogik pikiriň döreýiş we ösüş taryhy» atly köp jiltli neşiri çapa taýýarlamak bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, 23-nji awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler jaýynda 2024-2025-nji okuw ýylynyň jemlerini jemlemäge hem-de täze, 2025-2026-njy okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan ýurduň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi.
Maslahatda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory Sapargeldi Durdyýew çykyş edip, ol «Türkmenistanda milli pedagogik pikiriň döreýiş we ösüş taryhy» atly köp jiltli neşiri çapa taýýarlamak bilen baglanyşykly alnyp barlan işler barada aýtdy.
Bellenilişi ýaly, jemi 5 jiltden ybarat uly möçberli işiň birinji jildini Bilim ministrligi bilen ylalaşylan meýilnama laýyklykda ýazmak boýunça guramaçylyk işleri tamamlandy.
