«Diplomatik dialog» gepleşiginiň nobatdaky sany Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bilen taýýarlandy. Duşuşykda ýokary derejeli wekil «Turkmenportal-yň» habarçysynyň soraglaryna jogap berdi.
Söhbetdeşlikde, esasan hem, ÝUNISEF-niň alyp barýan işleri, bu guramanyň sebitde durmuşa geçirýän maksatnamalary, şeýle hem Türkmenistan bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada durlup geçildi.
«Diplomatik dialog» atly gepleşik Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy hem-de «Turkmenportal» web-saýty tarapyndan bilelikde taýýarlanylýar.
Söhbetdeşligiň doly görnüşini şu salgyda görüp bilersiňiz.
