Epidemilogiýa professory Karin Moding ähli uzak ýaşlylary birleşdirýän üç ýagdaýy tapdy diýip, «Newsweek» neşirine salgylanýan «Rambler.ru» habar berdi.
Lukman 30 ýylyň dowamynda kärdeşleri bilen bilelikde 1920-1922-nji ýyllarda doglan adamlary synlandyklaryny we käbirlerinde olaryň 100 ýaşamagyna mümkinçilik beren aýratynlyklaryň üstüni açandygyny gürrüň berdi.
«Sagdyn ýürek-damar ulgamy, durmuşa ruhubelent garaýyş we maksatlylyk uzak ýaşamagyň iň köp ýaýran şertleri bolmagy mümkin» diýip, Moding gürrüň berdi.
Ol uzak ýaşlylaryň ýürek we beýni kesellerine durnuklylygynyň sebäbini anyklamagyň kyndygyny belledi, lukman munuň sebäbi genetika we durmuş obrazy bolmagy mümkin diýip hasaplaýar.
Galyberse-de, ömrüň dowamlylygyna tötänlik hem täsir edip bilýär. Mysal üçin, gartaşan adamyň ýykylyp, biloňurgasyny döwmegi, möwsümleýin dümew ýa-da düwnük bilen kesellemegi mümkin. Bu ýagdaýlaryň ählisi-de ömrüň dowamlylygyny gysgaldýar diýip, epidemiolog nygtady.
