Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Kids Expo 2025 «Ähli zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy açyldy.
Açylyş dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň iberen gutlag hatyny diňlediler. Onda şeýle diýilýär:
«Çagalaryň şatlykly gülküleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň häzirki we ertirki gününe bolan ynamyň iň ajaýyp güwäsidir. Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat, şeýle hem ýörite maksatnamalar çagalaryň doly derejeli okamaklaryna, dynç almaklaryna, döretmeklerine, olaryň bilimli, ylymly, beden taýdan sagdyn, Watana wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir».
Serginiň giň gerimli ekspozisiýasy çagalar üçin harytlar we hyzmatlar bilen meşgullanýan ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň we guramalarynyň diwarlyklaryny we pawilýonlaryny öz içine alýar. Oýunjaklardan, mekdep esbaplaryndan we kitaplardan başlap, çaga mebellerine we sanly tehnologiýalara çenli hödürlenýän önümleriň we hyzmatlaryň dürlüligi bu ýere gelenleri haýran galdyrýar.
Üç gün dowam etjek serginiň maksatnamasy dürli çäreleri, çagalar üçin gyzykly oýunlary we ussatlyk sapaklaryny öz içine alýar.
Serginiň tematik zolaklarynyň maksatnamasy bilen jikme-jik şu ýerde tanşyp bilersiňiz.
