Belarussiýanyň paýtagtynda Arkalaşygyň Hökümet başlyklarynyň 29-njy sentýabrda boljak ýygnagyna taýýarlyk görülýär. Bu barada GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew žurnalistler bilen gürrüňdeşlikde habar berdi diýip, «rg.ru» ýazýar.
Öň çäräniň 30-njy sentýabrda geçjekdigi habar berlipdi.
Hökümet başlyklarynyň duşuşygynyň gün tertibine 14 meseläniň hem-de 25 resminamanyň, şol sanda GDA-ny 2026-2030-njy ýyllar üçin ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň meýilnamasyny girizmegiň göz öňünde tutulýandygy belli boldy.
