Angolada soňky 30 ýylda almaz daşlarynyň iň uly ýatagy tapyldy. Bu barada käni Angolanyň «Endiama» döwlet kompaniýasy bilen bilelikde açan «De Beers» topary habar berdi diýip, TASS ýazýar.
Aerofoto surata düşürişiň kömegi arkaly alnan maglumatlary seljermek bilen gymmatly daşyň käniniň üstünden baryldy. Soňra buraw işleri netijesinde almazyň hakykatdan-da bardygy anyklandy. Hünärmenler bu çäkde birnäçe almaz ýataklarynyň bardygyny çaklaýarlar.
Angola Afrikada Botswanadan soňra almaz gazyp almak boýunça ikinji ýerde durýar.
