Alýaskanyň iri şäheri bolan Ankorijanyň ýaşaýjylary Russiýa bilen ABŞ-nyň Prezidentleri – Wladimir Putiniň we Donald Trampyň duşuşygyna tolgunma hem-de buýsanç bilen garaşýarlar. Bu barada olaryň özleri gürrüň berýärler. Iki ýurduň Liderleriniň duşuşygy golaý günlerde bolar diýip, «Mail.ru» gürrüň berýär.
«Men şeýle taryhy wakanyň Alýaskada boljakdygyna örän şat... Men Putini gowy görýärin» diýip, Gwineýada doglan, şäherde şepagat dogany bolup işleýän Marsel aýdýar. Ejesi rumyniýaly Nataşa hem öňdäki duşuşyga ynamly garaýar: «Bu taryhy waka bolar».
Heniz şähere myhmanlar kän gelenok. Emma Ankorijanyň taksi sürüjileri hepdäniň gyzgalaňly boljakdygyna ynanýarlar. Şäheriň ýaşaýjylary öňdäki wakany kiçeňräk üýşmeleňlerde ara alyp maslahatlaşýarlar. Iki ýurduň Prezidentleriniň hut öz ştatlarynda duşuşjakdyklary olary buýsandyrýar.
Russiýanyň hem-de ABŞ-nyň Liderleriniň öňde duran duşuşygy soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda ilkinji gezek bolar. Ol 15-nji awgustda Alýaskada geçer.
RF-niň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow duşuşyk ýeri hökmünde Alýaskanyň saýlanyp alynmagyny iki ýurduň geografiki golaýlygy bilen düşündirdi. Bu bolsa, gepleşiklerde goşmaça many-mazmun çaýýar. Sebäbi sebitde iki ýurduň ykdysady bähbitleri galtaşýar, şeýle hem Alýaska bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir diýlip, habarda bellenýär.
