Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda (LLDC3) geçirilen ýaşlar forumynyň çäklerinde «Ýaşlar syýasaty hereketde: LLDC ýurtlary üçin sebitleýin ýolbaşçylygy we strategiki maýa goýumlaryny güýçlendirmek» atly ýörite çäre geçirildi. 6-njy awgustda geçirilen çäre deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin sebit öňdebaryjylygynyň pugtalandyrylmagyna we strategiki maýa goýumlara bagyşlandy.
Çäräniň çäklerinde milli ýaşlar syýasatynyň konseptual, hukuk, durmuş-ykdysady meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan iri halkara forumlara we duşuşyklara işjeň gatnaşýan ýaşlaryň döredijilikli başlangyçlaryny hem-de pikirlerini goldaýar.

Duşuşyk döwlet edaralarynyň wekillerini, BMG-niň ulgamynyň işgärlerini, ýaşlar guramalarynyň ýolbaşçylaryny we raýat jemgyýetiniň wekillerini bir ýere jemledi. Bu çäre Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň Arkadag şäherinde başlanan dialogynyň dowamydyr we 2025-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky merkezi edarasynda dowam etdirilen başlangyçlaryň bir bölegi boldy.
Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew ýaşlaryň mümkinçiliklerini ýokary goşmaça gymmatlyk döredýän döredijilik pudaklaryna gönükdirmegiň möhümdigini belledi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda ýaşlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramaga, olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen beýleki kanunlaryň hem-de maksatnamalaryň birnäçesi hereket edýär.
BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Kaha Imnadze bolsa, ýaşlaryň arasynda özara düşünişmegi ösdürmek üçin Öňüni alyş diplomatiýa akademiýasyny döretmegi teklip etdi.
UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kemal Goşlyýew netijeli demografiki syýasatyň we ýaşlaryň mümkinçilikleri bilen işleşmegiň LLDC ýurtlarynyň ösüşi üçin strategiki çeşme bolup durýandygyny aýtdy.
BMG-niň Baş sekretarynyň ýaşlar boýunça kömekçisi Felipe Paulier (wideo aragatnaşyk arkaly) we BMG-niň Çaddaky utgaşdyryjysy Fransua-Kwaýer Batalingaýa bilime we hemişelik okamaga, şeýle hem başlangyçlar üçin maliýe çeşmelerine elýeterliligiň zerurdygyny aýtdylar. Olar hünär biliminiň ýaşlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdaky ornuny bellediler.
«World Association Youth of Uzbekistan-yň» ýolbaşçysy Otbek Şawkatow we BMG-niň Özbegistandaky utgaşdyryjysy Sabina Malle ýaşlar syýasatyny dolandyrmagyň gurallaryny sebit we ýerli gurluşlara ornaşdyrmagyň, şeýle hem ýaşlaryň Durnukly ösüş maksatlaryny (SDG) durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagyna ünsi çekdiler.
Çärä gatnaşyjylar LLDC ýurtlarynda ýaşlary milli ösüşiň strategiki hyzmatdaşlary hökmünde güýçlendirmegi, bilimi zähmet bazarynyň islegleri bilen utgaşdyrmagy, täze nesli innowasiýalar we telekeçilik babatda utgaşdyrmagy teklip etdiler.
Duşuşygyň netijeleri boýunça gatnaşyjylar ýaşlaryň öz gelejegini kesgitleýän kararlaryň döredilmeginde esasy orny eýelemegi üçin halkara sahnalarynda gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardygyny beýan etdiler.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň işine ýaşlar meselesiniň goşulmagy olaryň öz ýurtlaryndaky we sebitlerdäki düýpli özgertmelere çekilmegine hem-de olaryň geljegi babatdaky jogapkärçilige düşünmäge ýardam edýär.
