Dünýä ykdysadyýeti ýakyn geljekde öz möçberleri boýunça görülmedik pul krizisine duçar bolup biler, muňa ýedi ösen ýurduň döwlet bergileri sebäp bolar. Bu barada «High Yield Economics» býulletenini esaslandyryjy Deniel Altman «Foreign Policy» (FP) neşirinde çap edilen makalasynda ýazdy diýip, «Gazeta.ru» habar berdi.
Hünärmeniň sözlerine görä, ýetip gelýän maliýe heläkçiliginiň sebäpleri ýedi ösen ýurduň juda köp döwlet bergileridir. Şunuň bilen baglylykda, Altman ol ýurtlary D7 – «Uly bergili ýedilik» (G7 bilen baglylykda) diýip atlandyrdy.
Altman öz makalasynda Halkara Pul Gaznasynyň bahalandyrmalaryny peýdalandy, oňa görä, Kanadanyň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, Ispaniýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň we ABŞ-nyň bergileri JIÖ-den (jemi içerki önüminden) 100 göterimden hem köpdür.
Bilermen «Uly bergili ýediligiň» öz hökümet borçlaryna gözegçilik etmegi milli pullarynyň hümmetsizlenmeginiň hasabyna başaryp biljekdiklerini belledi. Şeýle hereketler gazna bazarlarynda howsala döredip, treýderleri bu pullarda aňladylan ähli kagyzlary satmaga mejbur edip biler.
«Pul krizisine eltjek hadysany işe goýbermek üçin diňe birje domino çöpüni oklap goýbermek ýeterlik» diýip, bilermen sözüni jemledi.
