Ýakyn wagtda Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhedinde Daşoguz — Şabat serhetýaka erkin söwda zolagy öz işine başlar. Iki ýurduň raýatlary bu söwda zolagynyň çäginde wiza almazdan 15 güne çenli bolup bilerler. Bu barada podrobno.uz özbek saýty ýazýar.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Daşoguz we Özbegistanyň Horezm welaýatlarynyň çäkleriniň birleşýän ýerinde ýerleşýän Daşoguz — Şabat serhet geçelgesiniň ýanyndaky söwda zolagynyň gurluşygy 2022-nji ýylyň oktýabrynda başlanypdy. Şol ýyl iki ýurduň arasynda zolagy döretmek we onuň işini kadalaşdyrmak bilen bagly çäreler barada Teswirnama baglaşylypdy.
Bu erkin söwda zolagynyň döredilmegi iki ýurduň özara söwda dolanyşygynyň has-artmagyna itergi berer.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal şu ýylyň birinji ýarymynda türkmen-özbek söwda dolanyşygynyň 464,1 million amerikan dollaryna deň bolandygyny habar beripdik.
