Dünýäde suwa düşülýän ýerlere çägäniň ýuwulmagy bilen bagly, ýitip ýok bolmak howp salýar diýip, «Financial Times» neşiri habar berdi.
Makalanyň awtorlary çägäniň ýok bolmagyny kenarýakalaryň zeýlemegi bilen baglaýarlar. Munuň öňüni almak kyn diýip, olar ýazýarlar.
Mysal üçin, ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatyndaky Rodant şäherinde 2020-nji ýylda bu ýagdaý 11 öýüň ummana ýykylmagyna getirdi. Kenary dikeltmek üçin 40 million dollar gerek, emma bu serişdeler şäherde ýok.
Ispaniýada Barselonanyň suwa düşülýän ýerleri ýylda 30 müň kubmetr çäge ýitirýär. Olaryň käbiri ýok bolup biler.
«Maýamiden Barselona we Awstraliýadaky Altyn Kenarýakalara çenli häkimiýetler öňdäki ýyllarda kenar ýakalaryndaky çägeligi halas etmegiň ýollaryny gözleýärler. Şorlaşmagyň bir bölegi tebigy sebäpler arkaly bolup geçýär» diýlip, habarda bellenýär.
Awtorlar ýagdaýyň deňiz harasatlary, daşgynlar we buzluklaryň eremegine getirýän ählumumy maýlama sebäpli has-da ýitileşýändigi belleýärler.
Kenar ýakalary halas etmek üçin çäge getirýärler. Ol kenarlary gark bolmadan halas eder. Emma gurluşyk we beýleki pudaklarda islegiň ýokarlanmagy bilen baglylykda, çägäniň bahasy gymmatlaýar.
